Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýaty şaly taýýarlamak boýunça tabşyrygy ýerine ýetirdi

23:0027.11.2018
0
6940

Daşoguz welaýatynyň ekarançylary şaly taýýarlamk boýunça ýyllyk tabşyryga abraý bilen hötde geldiler. Şaly ekilen sekiz müň bir ýüz gektar ýerden 35 müň 106 tonnadan agarak şalynyň tagamlylygy bilen tapawutlanýan “Nukus-2”, “Müňbaşy” we “Alenga” görnüşleri ýygnaldy. Bu bolsa bellenilendäkiden artykdyr. Hasylyň aglaba bölegi merjen däneleriň ýokary hasylly we kesellere durnukly ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan görnüşlerini ýetişdirmekde uly tejribe toplanan S. Türkmenbaşy adyndaky etrabyň ýörüteleşdirilen hojalyklarynda ýetişdirildi.
Ýörüteleşdirilen tehnikalaryň, şol sanda ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň ulanylmagy ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnamaklyga ýardam etdi. Şu günler şu etrapda ýerleşýän kuwwatlylygy ýylda 30 müň tonna çenli şaly arassalamaga niýetlenen iri kärhanada täze hasyl gaýtadan işlenilip başlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň