Türkmenistan Ýüpek ýoluny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmagy teklip eder

01:5427.11.2018
0
4053

26-njy noýabrda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna ÝUNESKO-nyň “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüş” atly halkara maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde ýurdumyzda dürli çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 6 — 7-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek foruma uly ähmiýet berilýär. Ony guramaçylykly geçirmek üçin türkmen tarapy ÝUNESKO-nyň wekilleri bilen bilelikde ylalaşylan çäreleri görýärler.
Maslahatyň işi umumy we bölümler boýunça mejlisler görnüşinde amala aşyrylar. Onuň gün tertibi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleleri öz içine alar.
Forumyň öň ýanynda “Ýüpek ýoluny” Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ÝUNESKO-nyň Utgaşdyryjy komitetiniň bäşinji mejlisi geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň