2019-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça halkara maslahat geçiriler

23:0226.11.2018
0
4811

Türkmenistanda alnyp barylýan toplumlaýyn we uzak möhletleýin, raýatlaryň ömür dowamlylygyna oňyn täsir edýän saglygy goraýyş syýasatyny dünýä döwletlerine giňden ýaýmak hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almaga we olaryň garşysyna göreşmäge gönükdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ikinji ýokary derejeli halkara maslahatyny 2019-njy ýylyň 9 — 10-njy aprelinde Aşgabat şäherinde ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Ýewropanyň ministrler derejesindäki maslahatyny geçirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmäge ygtyýar berildi.
Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna bu halkara maslahaty guramaçylykly geçirmekde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine ýardam bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň