Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

20:0326.11.2018
0
11341

26-njy noýabrda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Täze ýyl mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Täze ýyl dabaralarynyň maksatnamasynda baýramçylyk konsertlerini, bäsleşikleri we sergileri, sirk çykyşlaryny we beýleki dynç alyş çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Çäreler ýurdumyzyň ähli künjekleriniň medeni merkezlerinde, teatrlarda we merkezi meýdançalarda geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, çagalaryň hem-de uly adamlaryň söýýän Täze ýyl baýramçylygyny oňa mahsus bolan şatlyk-şowhun bilen, şeýle hem milli däplerimize laýyklykda geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda halkymyzy täze, ajaýyp we beýik işlere ruhlandyrýan medeni-köpçülikleýin çäreleri guramagyň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň