Ýurdumyzda uly futbol bilen birlikde futzalyň ösdürilmegine hem uly üns berilýär. Türkmen futzalçylary milli we halkara ýaryşlarda tejribe toplaýarlar.
Şu günler paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde futzal boýunça zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirilýär. Oňa paýtagtymyzyň we welaýatlaryň zenanlar ýygyndy toparlary gatnaşýarlar.
Bir aýlaw görnüşinde geçirilýän ýaryşyň duşuşyklaryna 25-nji noýabrda badalga berildi. Şol gün Mary, Ahal welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň toparlary garşydaşlaryndan üstün çykdylar. Ikinji tapgyrda bolsa ýeňiş Aşgabat şäheriniň we Ahal, Lebap welaýatlarynyň futzalçy gyzlarynyň tarapynda boldy. Şu habaryň taýýarlanylýan döwrüne çenli üçünji tapgyryň duşuşyklary hem geçirildi. Tapgyryň duşuşyklary Lebabyň, Daşoguzyň we Ahalyň toparlarynyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Türkmenistanyň iň uzak ýaşly ynsany 121 ýaşady
