Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary tejribesini halkara derejesine ýakynlaşdyrýar

12:5224.11.2018
0
10218

23-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň garamagynda döwlet syýahatçylyk kärhanalarynyň 7-si hem-de hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň 16-sy hereket edýär, şolaryň işleri türkmenistanlylary we daşary ýurtly myhmanlary baý milli mirasymyz hem-de ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçýän 2018-nji ýyl türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna täzeçe baha bermäge, ýurdumyzyň taryhy we tebigy ajaýyplyklaryny giňden wagyz etmek esasynda içerki we daşarky syýahatçylyk ugurlary boýunça işleri işjeňleşdirmäge mümkinçilikleri açdy.
Ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini daşary ýurtlarda giňden wagyz etmek hem-de daşary ýurtlara syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmek maksady bilen, hususan-da, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň internet-saýtlary peýdalanylýar. Bu ugur boýunça işler Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi bilen utgaşykly alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň wekilleriniň iri halkara sergilere, maslahatlara, beýleki duşuşyklara, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlaryň mejlislerine yzygiderli gatnaşmagy milli syýahatçylyk mümkinçilikleri daşary ýurtlarda wagyz etmek boýunça işleriň netijeli görnüşleriniň biri bolup durýar. Mundan başga-da, işewürlik duşuşyklarynda we gepleşiklerde tanyşdyrylyş çäreleri geçirilýär. Pudagyň öňünde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen şu ýyl Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň we Ispaniýanyň iri syýahatçylyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen syýahatçylyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakynda gepleşikler geçirildi.
Syýahatçylyk ugurlarynyň täzelenilmegi bilen bir hatarda, bu ulgamda hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň, şeýle hem Syýahatçylyk ýolbeletleriniň birleşikleriniň Bütindünýä federasiýasynyň bilermenleriniň gatnaşmagynda täze açylan ugurlarda syýahatçylyk ýolbeletlerini taýýarlamak boýunça okuwlar geçirilýär, okuwlary tamamlanlara halkara güwänamalar gowşurylar.
Merkezi Aziýada sebitiň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň 15-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen 17-nji ministrler maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň “JICA” Gündogar we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň arasynda iki ýurduň syýahatçylyk gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek babatynda gepleşikler geçirildi. Ýapon tarapy “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilýän okuwlary dowam etmek, şonuň çäginde syýahatçylyga aýratyn üns bermek hem-de Ýaponiýada iki ýurduň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň duşuşygyny guramak baradaky teklibi beýan etdi.
2019-njy ýylda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň syýahatçylary üçin syýahatçylyk ugurlarynyň tapgyrlaýyn işleri dowam etdiriler, şunda aýry-aýry adamlar üçin hem syýahatçylyk gezelençlerini hödürlemek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidentiiň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň işlenip taýýarlanylýan maksatnamasyna sanly syýahatçylygy girizmek üçin guramaçylyk işleri alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamyň bütin dünýäde iň girdejili ugurlaryň biridigini belläp, ýurdumyzyň täsin taryhy ýadygärlikler we medeni desgalar, beýik şahsyýetler bilen bir hatarda, syýahatçylary çekmek üçin saglygy dikeldiş mümkinçiliklerine hem eýedigini we şonuň doly möçberde peýdalanylmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow syýahatçylyk ulgamynda alnyp barylýan işleri ýene bir gezek içgin seljermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kompaniýalary bilen işleri utgaşdyrmak, Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň kuwwatyny wagyz etmek üçin halkara forumlaryň açýan mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, dünýä syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, ulgamda alymlaryň hem-de hünärmenleriň arasynda tejribeleri alyşmak, sagaldyş-dikeldiş we dynç alyş ulgamynda iň täze gazanylanlary ornaşdyrmak esasynda işleriň geçirilmeginiň zerurdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň