Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Halkara ulag maslahaty geçiriler

23:4123.11.2018
0
5284

23-nji noýabrda geçirilen Türkmensitanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew döwlet Baştutanyna şu ýylyň 28-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara ulag maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Maslahata dünýäniň köp ýurtlaryndan hünärmenleriň, şol sanda ulag kompaniýalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Maksatnama laýyklykda, maslahatyň işi iki plenar mejlisinden ybarat bolup, “Halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň işjeňleşdirilmeginde döwletara hyzmatdaşlygyň orny”, “Ulag-üstaşyr geçelgesiniň işjeňleşdirilmeginde logistika kompaniýalarynyň ähmiýeti”, “Infrastruktura we ulag mümkinçilikleri”, “Multimodal daşamalar hem-de onuň dolandyrylmagy” ýaly mowzuklar boýunça pikir alyşmalar guralar. Şeýle hem maslahatyň dowamynda sergi geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň