«Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

16:0523.11.2018
0
6929

Üç dilde: türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän «Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Maliýe-ykdysadyýet düzümleriniň hünärmenleri, salgyt we ätiýaçlandyryş edaralarynyň, banklaryň hem-de hususy kompaniýalaryň işgärleri, syýasatşynaslar we bilermenler, degişli okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de döwletimiziň we daşary ýurtlaryň köp sanly okyjylary üçin niýetlenen žurnal milli ykdysadyýetimiziň wezipeleri we üstünlikleri barada habar berýär.

Žurnalyň şu sany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda bolan 73-nji maslahatynda eden çykyşy bilen açylýar. “Döwrebap özgertmelere badalga” atly makalada Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň wezipeleri barada gürrüň edilýär. “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere badalga” hem-de “Durnukly ösüş maksatlarynyň ylmy taglymaty” atly makalalarda bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi aýdyň beýanyny tapýar.

Okyjylar meşhur türkmen alymlarynyň hem-de ýaş hünärmenleriň — ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek, Beýik Ýüpek ýolunyň düzüminde maliýe-ykdysady gatnaşyklaryň taryhy ähmiýeti, syýahatçylygyň ösüşi, üstaşyr ýük gatnawlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly möhüm syn beriş, seljeriş makalalary bilen tanşyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň