OGT-2018 halkara sergisi we maslahat tamamlandy

16:0523.11.2018
0
3991

21-nji noýabrda paýtagtymyzda geçýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018” forumyň çäklerinde mowzuklaýyn maslahatyň jemleýji güni boldy. Maslahatyň gün tertibinde gazhimiýa pudagynyň möhüm ugurlaryna we ösüş çaklamalaryna, bu önümiň halkara bazarynyň ösdürilmegine bagyşlanan mejlis boldy. Onda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, dünýäniň energetika deňeçerliginde ekologiýa taýdan arassa serişde hasaplanýan tebigy gaza berilýän ähmiýet has-da artdy. XXI asyrda dünýä ykdysadyýetinde we energetika ulgamynda tebigy gazyň we gazhimiýa senagatynyň geçen asyrda nebitiň we nebithimiýanyň ähmiýeti ýaly ornuň degişli boljakdygy gürrüňsizdir.

Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylar daşary ýurtly maýadarlar bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzda gazy gaýtadan işleýän önümçiligi ösdürmek bilen baglanyşykly esasy ugurlaryň birine öwrülendigini bellediler. Türkmenistanda taryhy ölçegler boýunça gysga döwrüň içinde gazy gaýtadan işlemegi we ýokary hilli eksport önümleriniň önümçiligini esasy ugur edinýän köpsanly kärhanalar guruldy.

Beýleki bir mejlis Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda maýa goýum ýagdaýyna, uglewodorod serişdelerini gözlemekde we çykarmakda täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna bagyşlandy.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň çäginde bar bolan nebit we gaz ýataklarynyň maýa goýum we özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyny bellediler. Öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň wekilleri bolsa türkmen hyzmatdaşlaryna gury ýerdäki we Hazar deňziniň çäginde bar bolan ýataklary gözlemekde we işläp taýýarlamakda öňdebaryjy hem-de ýokary netijeli tehnologiýalaryny hödürlemäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Maslahatyň jemleýji mejlisi nebiti gaýtadan işleýän pudagyň önümleriniň bazaryna, ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň önümçiligine we “ýaşyl ykdysadyýetiň” geljekki ösüşine bagyşlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň