Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi

14:3422.11.2018
0
6596

21-nji noýabrda ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde gurlan köp otagly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsiniň ulanylmaga berilmegi netijesinde şäherli maşgalalaryň elliden gowragy täze jaýlara göçüp bardy.

Nowruz — 2 kiçi etrapçada bina edilen täze jaýlaryň birini “Daşoguzobagurluşyk”önümçilik birleşiginiň 5-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary gurdular. Häzirki zaman gurluşyk serişdeleriniň peýdalanylmagy esasynda gurlan bu dört gatly jaýda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan dört we üç otagly öýleriň 24-si bar.

Şagadam köçesindäki dört gatly jaýlaryň ýene 2-si bolsa “Sekiz ýyldyz” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan guruldy. Her birinde dört we üç otagly öýleriň 16-sy bar bolan bu jaýlarda amatly ýaşaýyş üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Täze ýaşaýyş jaýlary Şagadam köçesinde we Nowruz — 2 kiçi etrapçada kemala gelýän ýaşaýyş jaý toplumlarynyň düzüm bölegi boldy. Bu künjeklerde sanlyja ýyllaryň içinde durmuş-medeni ähmiýetli desgalar bilen utgaşýan häzirkizaman köp otagly ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy guruldy. Ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary şäheriň beýleki künjeklerinde-de, şol sanda Daşoguz we Görogly köçelerinde hem işjeňlik bilen gurulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň