Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda OGT - 2018 halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady

23:0620.11.2018
0
6158

20-nji noýabrda Aşgabatda “Türkmennebit” döwlet konserni hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018” (OGT-2018) atly XXIII halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Sebitde iri nebitgaz forumy nobatdaky gezek alymlary hem-de bilermenleri, hökümet düzümleriniň we abraýly guramalaryň wekillerini, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň hem-de ýurdumyzyň nebitgaz edaralarynyň, milli hem-de daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýygnady.

Şu ýyl Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan kompaniýalaryň 50-ä golaýynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň diwarlyklary ýerleşdirildi.

Sergi merkeziniň zallarynda uglewodorod çig malyny gözlemek, çykarmak we ugratmak, düýpli burawlamak, deňizde nebitgaz gözlemek hem-de Hazarda taslamalary amala aşyrmak üçin zerur kenar düzümini döretmek, bar bolan turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, nebit hem-de gaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatlar we önümler giňden görkezilýär.

Halkara serginiň çäklerinde geçirilýän maslahata şu ýyl ABŞ-dan, Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar we GDA ýurtlaryndan wekiliýetler gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, önüm öndüriji zawodlaryň, ylmy toparlaryň wekilleri bar.

Wekiliýetleriň köpüsine ýokary wezipeli resmi adamlar ýolbaşçylyk edýärler. Daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen neşirleri, habarlar agentlikleri, neşirýat öýleri, internet-portallar forumy giňişleýin beýan edýärler.

Maslahata 500-e golaý wekil gatnaşdy. Şolar halkara we hökümet guramalarynyň 200-den gowragyna, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň diplomatik wekilhanalaryna wekilçilik etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň