Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň milli ýygyndysy WESG - 2018-iň saýlama ýaryşyna taýýarlanýar

19:0119.11.2018
0
1104

Şu ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň elektron sport boýunça milli ýygyndysy Bütindünýä elektron sport oýunlarynyň Grand-final ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin bu ýaryşyň Merkezi Aziýa boýunça saýlama tapgyrynda ýaryşar. Saýlama tapgyrda sentýabr aýynda geçirilen milli birinjiligiň netijesinde düzülen milli ýygyndymyzyň wekilleri gatnaşar.

Öňdäki ýaryşda türkmenenistanly elektron sportçularyň dört görnüş boýunça ýaryşmagyna garaşylýar. Olar CS:GO, Dota 2, Hearthstone we Pro Evolution Soccerdir. Bu barada ORIENT habarlar agentliginiň resmi saýtynda ýazylýar.

Counter-Strike: Global Offensive (CS:GO) elektron oýny boýunça ýaryşlarda biziň ýurdumyza Nikita SP Samowik, Aleksandr Akim Akimow, Mark Marcos Nasibulin, Rasim Froz Jafarow we Annanyýaz Yokohama Muhammedow wekilçilik eder.

Dota 2 boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyndan Wladislaw Satoshi Badalow, Maksat CkotiGylyçdurdyýew, Nikolaý SH1PER Fomin, Döwlet ENNI Nyýazow we Denis DEN4EZ Oglodin dagylar ýaryşyň jemleýji tapgyryna çykmak üçin göreşer. Şeýle hem Hearthstone boýunça Serdar Falkonserik Nurmyradow, PES boýunça Rüstem QD Hojamberdiýew milli ýygyndymyza wekilçilik eder.

Geçen ýyl ýurdumyzyň milli ýygyndysy bu ýaryşa Dota 2, CS:GO we Hearthstone görnüşleri boýunça gatnaşypdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň