Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly fethowaniýeçi Daşkentde geçirilen halkara ýaryşda iň gowy bäşlige girdi

18:5519.11.2018
0
801

Fethowaniýa (gylyçlaşmak) boýunça Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony, sport ussady Wýaçeslaw Woronin ýakynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen “Satellit” atly halkara ýaryşda iň güýçli türgenleriň ilkinji bäşligine girmegi başardy.

30-dan gowrak türgeniň arasynda geçirilen ýaryşda özbek, täjik, gyrgyz hem-de indoneziýaly garşydaşlaryndan üstün çykan ildeşimiz özbegistanly Faýzulla Alimowdan hem-de gazak türgeni Ilhamjan Anarkulowdan ýeňildi.

Ýaryşyň jemleri boýunça hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna ýer eýeleriniň wekili F.Alimow çykdy. Ikinji orny bolsa onuň watandaşy Roman Aleksandrow eýeledi. Ýaryşyň bürünç medallaryny Nodirbek Muminow (Özbegistan) bilen Angg Williansýah paýlaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň