Arhiw

Türkmenistanda 27 sany döwlet desgasy hususylaşdyrylýar

22:4717.11.2018
0
11300

16-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň degişli Kanuny esasynda döwletiň garamagyndan aýyrmaga hem-de hususylaşdyrmaga degişli kärhanalaryň we desgalaryň sanawyny ylalaşmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan beýleki ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde bu ugurda yzygiderli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, 27 desgany hususylaşdyrmak baradaky teklip milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenildi. Geçirilen seljerme esasynda bäsleşikli söwdalar arkaly Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça desgalaryň 20-sini, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça desgalaryň 5-sini, Energetika ministrligi boýunça 2 desgany hususylaşdyrmak teklip edilýär.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, hususylaşdyrmak işleriniň geçirilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmäge, senagat önümçiliginiň netijeliligini we girdejililigini artdyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge hem-de telekeçiligi, şol sanda orta we kiçi işewürligi depginli ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendigini, munuň bolsa bazar gatnaşyklaryna geçilende möhüm şert bolup durýandygyny nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurdaky seljerme işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň