Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen John Deere amerikan kompaniýasy hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär

20:4117.11.2018
0
3764

16-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň tabşyrmagy boýunça 11-nji noýabrda gol çekilen “Oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen “John Deere International GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama” barada habar berildi.

Bu Ähtnamada obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda tehniki parkyň üstüni “John Deere” kompaniýasynyň ýokary tehnologiýaly oba hojalyk enjamlarynyň we tehnikalarynyň täze görnüşleri bilen ýetirmek, sanly elektron dolandyryş ulgamyny, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekerançylygy mehanizasiýalaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmagyň hasabyna zähmet öndürijiligini artdyrmak ugurlarynda amerikaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde “John Deere” kysymly oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlaryny ulanmak we abatlamak üçin hyzmatlary ýerine ýetirmek, tehnikalary döwrebap usulda dolandyrmagy ornaşdyrmak boýunça hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezlerini hem-de oba hojalyk önümçiligini sanly elektron usulynda dolandyrmagy girizmek boýunça etrap merkezlerini döretmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen birlikde, Oba we suw hojalyk ministrliginiň welaýatlarda ýerleşýän ýörite abatlaýyş kärhanalarynda “John Deere” kysymly tehnikalary ulanmak bilen bagly tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmegi we bejermegi ýola goýmak maksady bilen, bu abatlaýyş kärhanalaryny täze döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

S.A.Nýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Türkmen oba hojalyk institutynda hereket edýän okuw merkezlerinde “John Deere” tehnikasynda ulanylýan iň täze tehnologiýalary we oba hojalyk önümçiligine sanly elektron usulynda dolandyrmagy öwretmek boýunça okuwlary guramak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň