Soňky habarlar

Arhiw

Awazada ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegine bagyşlanan halkara maslahat geçiriler

19:4917.11.2018
0
3141

16-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary M.Çakyýew döwlet Baştutanyna 28-nji noýabrda Awazada ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegine bagyşlanan halkara maslahatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer foruma ýurdumyzyň ulag ulgamynyň hünärmenleri bilen bir hatarda, dünýäniň köp ýurtlaryndan bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Ulag meselesine bagyşlanan Awaza forumynyň ähmiýetini aýratyn bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz onuň bu möhüm ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine netijeli goşant boljakdygyna ünsi çekip, oňa taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini hem-de şunuň bilen baglanyşykly ähli meseleleriň öz wagtynda çözülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň