Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» atly halkara maslahat we sergi geçiriler

19:2017.11.2018
0
4576

16-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanyna  20 — 22-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» atly XXIII halkara maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Ykdysady sergä dünýäniň köp ýurtlaryndan hünärmenler, şol sanda nebitgaz kompaniýalarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, halkala guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.

Forumyň gün tertibine dünýäniň energetika bazarynyň ösüşi, şol sanda nebit, gaz hem-de şolary gaýtadan işlemekden alynýan önümler, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler giriziler. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Nebitgaz pudagyna maýalary çekmek, uglewodorodlary gözläp tapmak we çykarmak işlerine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa taýdan arassa ýangyjy öndürmegiň dünýä tejribesi, türkmen tebigy gazynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de gazhimiýa önümlerini öndürmek boýunça taslamalary amala aşyrmak ýaly meselelere aýratyn üns berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baý tebigy serişdeleriň netijeli ulanylmagynyň ýakyn we uzakmöhletleýin geljek üçin Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar we taslamalar, şol sanda nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça taslamalar daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň