Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýada ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler

15:0817.11.2018
0
4067

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy noýabrda bolan mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu hepdede Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Gamburg we Berlin şäherlerine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Saparyň barşynda ýurdumyzyň wekiliýeti german ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti tarapyndan guralan maslahata gatnaşdy. Bu maslahat Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň, banklarynyň, maliýe we söwda düzümleriniň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini jemledi. Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň müdiriýetiniň başlygy Wolfgang Býuhele bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyklarda energetika, gazhimiýa senagaty, ulag we kommunikasiýalar, bank ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

DIM-niň ýolbaşçysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa nemes işewürleriniň dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändikleri, hususan-da, deňiz suwuny arassalamak we süýjetmek boýunça taslamalara gatnaşmaga taýýardyklary barada habar berdi. Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça 2019-njy ýylyň fewralynda Berlinde german ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti tarapyndan guralýan işewürler maslahatyny geçirmek, mart aýynda bolsa bu komitetiň müdiriýetiniň başlygynyň Türkmenistana saparyny guramak teklip edildi.

Saparyň çäklerinde beýleki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika federal ministrliginiň Döwlet sekretary, GFR-iň Federal Kansleriniň edarasyndaky degişli resmi adamlar bilen duşuşyklar geçirildi. Şolarda ileri tutulýan ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Germaniýanyň federal daşary işler ministri bilen geňeşmeler hem geçirildi. Şonuň barşynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklara, şol sanda abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň, hususan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň ugry boýunça hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Germaniýa bilen däp bolan gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Bu gatnaşyklaryň netijeliligi taraplaryň köpugurly we uzak möhletli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýar. Geçen ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň ygtybarly syýasy esasy hem-de berk kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklar hem döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezýär. Ýurdumyz GFR-i özüniň esasy işewür hyzmatdaşlarynyň biri hasaplaýar. Türkmen bazarlarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýan nemes işewürliginiň iri wekilleri bilen köp ýyllyk ysnyşykly gatnaşyklar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna işjeň goşulyşmak ugry bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanda giň möçberli özgertmeler maksatnamalary hem-de düzümleýin taslamalar durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz munuň dürli pudaklarda tagallalary netijeli birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Däp bolan ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk türkmen-german gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şeýlelikde, döwletara hyzmatdaşlyk ägirt uly kuwwata eýedir. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanylmagy bolsa umumy abadançylyga hyzmat eder.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary, şol sanda ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak, ýurdumyzda nemes sergilerini guramak, Germaniýada ýurdumyzyň arheologiýa sergisini dowam etdirmek babatda tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz medeni ulgamda gatnaşyklaryň döwletleriň hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna, dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we netijeli halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat ulgamynda, şol sanda ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde özlerini gowy görkezen nemes oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň ýol gurluşyk ulgamynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini belläp, germaniýaly hyzmatdaşlaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we işläp taýýarlamalaryny, şol sanda ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak boýunça tejribesini ulanmak maksady bilen, bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň maslahat hyzmatlaryny bermek, döwrebap awtoulag tehnikasyny getirmek ulgamynda hem üstünlikli amala aşyrylýandygyny belledi. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary, şol sanda Türkmenistanda gurlan täze senagat toplumlary Germaniýanyň esasy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny nygtady.

Işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin hem uly mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen telekeçileriniň öz işleriniň dürli ulgamlarynda nemes tehnologiýalaryny giňden ulanýandyklaryny, bu oňyn tejribäni dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz bank ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ýurdumyzda nemes dilini çuňňur öwrenmäge ýöriteleşdirilen mekdepleriň sanyny artdyrmak, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça görkezmeleri berdi.

Daşary işler ministrligine Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň işini kämilleşdirmek hem-de onuň nobatdaky mejlisini geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda tabşyryklar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň