Türkmenistanda Azerbaýjanyň Prezidentiniň saparyna taýýarlyk görülýär

09:2917.11.2018
0
7274

16-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna  Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Bu goňşy ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň iýunynda ýola goýuldy. Şu döwürden bäri biziň döwletlerimiziň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady hem muňa ýardam edýär.

Ýokary derejede geçiriljek nobatdaky gepleşikleriň netijeleri boýunça ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge we ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany hem-de Azerbaýjany gadymy döwürlerden bäri dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini belledi. Munuň özi hem iki doganlyk halkyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen taryhy-medeni umumylygy bilen şertlendirilendir. Häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar, munuň üçin bolsa oňaýly mümkinçilikler bar.

Abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem netijeli häsiýete eýedir. Bu babatda döwletleriň ikisi hem ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň hem-de çemeleşmeleriniň ýakyndygyny görkezýärler.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz netijeli türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjek öňümizdäki ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýetini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine Azerbaýjanyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak resmi saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň