Aşgabatda türkmen-italýan işewürlik maslahaty geçirildi

14:0816.11.2018
0
5920

15-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Italiýanyň söwda boýunça agentliginiň bilelikde guramagynda türkmen-italýan işewürlik maslahaty boldy.

Iki ýurduň ykdysady taýdan gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ädime öwrülen bu maslahata Italiýanyň iri kompaniýalarynyň wekilleri we ýurdumyzyň dürli pudaklardaky gatnaşyklary işjeň ösdürýän telekeçileri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň soňky döwürde ýokary ösüşe eýe bolandygy we anyk netijelere gönükdirilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy.

Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty hakyndaky çykyşlar diňlenildi we Italiýa Respublikasynda iş alyp barmagyň mümkinçilikleri hem-de şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösüş depginleri Türkmenistan bilen gatnaşyklary berkitmäge daşary ýurtlaryň uly gyzyklanma bildirmeginiň möhüm şertidir.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde Türkmenistanda italýan hyzmatdaşlary bilen bilelikde we italýan tehnologiýasy esasynda öndürilen harytlaryň sergisi guraldy. Ol ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň ýeten derejesini we olaryň eksport mümkinçiliklerini giňden beýan etdi.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak maksatnamasyny amala aşyrmak, Türkmenistanyň energo ugurlarynyň dünýä bazarlaryna ugradylýan mümkinçiliklerini artdyrmak wezipelerini esasy ugur edinýän Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär we mundan beýläk-de Ýewropanyň iri düzümlerini, şol sanda Italiýanyň kompaniýalaryny bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň çekýär.

Dostlukly ýurtlaryň türkmen-italýan işewürlik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklap, maslahata gatnaşyjylar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Ol ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk toplumlarynyň, oba hojalygynyň we beýleki pudaklaryň bilelikdäki işine bagyşlanan bäş mejlisiň çäklerinde jikme-jik maslahatlaşyldy.

Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynda işewür gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmäge gyzyklanma bildirýän türkmen we italýan işewürleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň