Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanda demir ýol bilen daşalýan ýükleriň mukdary artýar

22:4915.11.2018
0
117

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň 10 aýynda HHR-den biziň ýurdumyzyň üsti bilen Eýran Yslam Respublikasyna konteýnerli ýükleriň geçirilmegi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,5 esse artdy. Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugrunyň umumy uzynlygy 10 müň kilometre golaýdyr. HHR-iň dürli senagat merkezlerinden iberilýän demir ýol düzümleriniň ýolda bolmagynyň wagty bolsa iki hepde töweregidir, bu bolsa deňiz ýoly bilen deňeşdirilendäkiden ortaça iki esse çaltdyr - diýlip, TDH-nyň taýýarlan habarynda aýdylýar.

Demir ýol arkaly yzygiderli ýük daşalyşyny ýola goýmak hem-de bu üstaşyr-ulag taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň her birinde logistikany düzgünleşdirmek maksady bilen, ortaça 40 — 50 konteýnerden ybarat demir ýol düzüminiň ençeme synag gatnawlary amala aşyryldy. Şolar Iuw (Çžeszýan gündogar welaýaty), Çanşa (Hytaýyň günortasynda Hunan welaýaty), Inçuan (HHR-iň merkezi böleginde özbaşdak sebit) şäherlerinden hem-de ýurduň demirgazygyndaky Sian we Baýan-Nur şäherlerinden ugrady.

Iberijileriň hem-de ýükleri daşaýjylaryň isleglerinden ugur alyp, Türkmenistan boýunça harytly demir ýol düzümleriniň ýolda barmagynyň iki ugry: Gazagystan bilen serhetde “Serhetýaka” demir ýol bekedinden Sarahsa çenli, Eýran bilen günorta-gündogar serhede tarap ýa-da “Akýaýla” (Türkmenistan) — “Inçeburun” (EYR) bekedine çenli ugurlar göz öňünde tutuldy.

Demir ýol düzümleri bu ýoly iň öňdebaryjy enjamlar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan lokomotiw deposy ulanmaga berlen ýükleriň görnüşlerine görä saýpallanylýan “Bereket” bekedini hem nazara almak bilen, täze häzirki zaman polat ýollarynyň hem-de döwrebaplaşdyrylan beketleriň netijesinde, adatça, bellenen wagtdan çalt geçýärler.

Ýoly geçmegiň wagtynyň kemelmegi, degişlilikde, şol ugruň ykdysady düşewüntliligini artdyryp, ulag çykdajylaryny azaldýar. Şonuň üçin hem Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly häzir sebitde ýük daşamagyň esasy ugruna öwrülmek bilen, sebitiň iri ykdysady merkezlerini baglanyşdyrýar.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Serhetýaka — Akýaýla demir ýoly boýunça ýük daşalyşynyň mukdarynyň 3,5 esse artmagy hem munuň güwäsidir. Şol ugur bilen Eýrandan Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystana hem-de yzyna gaýdylanda bolsa, ýük daşalyşynyň möçberi 2 esse artdy.

Şu ýylyň geçen 10 aýynda Kerki — Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy demir ýol ugurlary boýunça ýük daşalyşynyň möçberiniň 2017-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilendäkiden iki esse artandygyny bellemek gerek. Görnüşi ýaly, bu polat ýollara bolan isleg aýdyňdyr, şolaryň ähmiýeti bu ugurlara täze çäkleriň, taslamalaryň, logistik ulgamlaryň goşulyşyna görä barha artar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň