Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda CAREC Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahaty geçirildi

14:2515.11.2018
0
5801

15-nji noýabrda türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahaty geçirildi. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen maslahata CAREC Maksatnamasyna girýän ýurtlaryň, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, CAREC institutynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň we beýlekileriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.

Aziýanyň Ösüş bankynyň prezidenti Takehiko Nakao maslahatda çykyş edip, CAREC ýurtlarynyň sebit söwdasyny we eksportuny giňeltmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdy. Ol şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň ösüş ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň 2000-nji ýylda başlanandygyny hem-de şol gatnaşyklaryň ýurduň ykdysadyýetini pugtalandyrmak we sebit hyzmatdaşlygyna goşulyşmagyny sazlaşdyrmak babatdaky tagallalaryny goldamaga gönükdirilendigini belledi. Geçen ýyl Aziýanyň Ösüş banky Türkmenistan boýunça 2017 — 2021-nji ýyllar üçin ilkinji strategiýany kabul etdi. Hyzmatdaşlygyň bu strategiýasy energiýa serişdeleriniň söwdasyny, ulag aragatnaşygyny hem-de kiçi we orta kärhanalaryň maliýeleşdirilmegini goldamaga gönükdirilendir.

Soňra, ministrler maslahatynyň iş mejlisiniň öňüsyrasynda şu duşuşyga gabatlanylyp taýýarlanylan ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy. Bu ylalaşyklar iki taslama – Türkmenistanyň milli elektrik ulgamyny pugtalandyrmak hem-de Täjigistany Merkezi Aziýa energetika ulgamyna birikdirmek taslamalary bilen baglanyşyklydyr. Ylalaşyklaryň ikisi hem Aziýanyň Ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler.

Maslahatyň işi tegelek stol görnüşinde CAREC-niň kabul etmäge hödürlenen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ulgamynda täze utgaşdyrylan maksatnamasy hem-de onuň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin üç ýyllyk strategik meýilnamasy boýunça pikir alyşmalar bilen dowam etdirildi.

Pikir alyşmalaryň barşynda, bäş amaly ulgamlarda CAREC 2030 strategiýasyny durmuşa geçirmek barada wajyp maglumatlar diňlenildi. Aziýanyň Ösüş bankynyň departamentleriniň we CAREC-niň sekretariatynyň ýolbaşçylaryndan başga-da, maslahatda CAREC ýurtlarynyň — Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyş etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda “Ösüş we makroykdysady durnuklylyk üçin eksporty diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek” meselesi boýunça iş maslahaty geçirildi. Onuň jemleri boýunça CAREC-niň 17-nji ministrler maslahatyna gatnaşyjy ministrleriň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň