Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysyTakehiko Nakaony kabul etdi

23:5914.11.2018
0
7152

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şolaryň hatarynda türkmen Lideriniň başyny başlan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň ägirt uly taslamasy bar. TOPH gaz geçirijisi öz niýetlenen maksadyndan başga-da, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, onuň okgunly ösmegine hyzmat etmäge gönükdirilendir. Aziýanyň Ösüş banky TOPH taslamasynda esasy hyzmatdaşlaryň biri bolmak bilen, onuň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy gurmagyň taslamasy boýunça gol çekilen ylalaşygyň ähmiýeti bellenildi. Bu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy hem çekiler. Ol üç ýurduň arasynda maglumat-kommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek bilen bir hatarda, Aziýa sebitiniň bu böleginde goşulyşmak işlerini güýçlendirmäge ýardam eder. Şeýle hem Akina — Mazari-Şarif demir ýoluny çekmek boýunça işler dowam edýär.

Bu taslamalaryň hemmesi Türkmenistanyň we Aziýanyň Ösüş bankynyň hyzmatdaşlygy üçin oňat mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz AÖB-ne suwy süýjetmek üçin desgalary gurmagyň taslamasyna maýa goýmak mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.

Myhman bu teklibi kanagatlanma duýgusy bilen kabul edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň Merkezi Aziýada ynanyşmak ýagdaýyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy we okgunly goşulyşmak işlerini berkitmegiň täsirli şerti bolup çykyş edýändigini belledi.

Türkmenistanyň we AÖB-niň arasyndaky gatnaşyklar Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygy Maksatnamasynyň (MASYH) çäklerinde hem amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek MASYH-nyň ministrler derejesindäki 17-nji maslahatynyň gün tertibi gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman döwlet Baştutanymyza maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, türkmen paýtagtynda maslahata gatnaşyjylaryň mähirli kabul edilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli sebit hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge, oňa has anyk we sazlaşykly häsiýeti bermäge gönükdirilen maslahatyň işine üstünlik arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň