Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistan ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygy üçin AÖB-den karz serişdelerini alar

23:5614.11.2018
0
1993
Türkmenistan ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygy üçin AÖB-den karz serişdelerini alar

Türkmenistanyň sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny we ýurduň energiýa ulgamynyň özara ätiýaçlandyrylmagyny üpjün etmek, Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň — Karz alyjynyň adyndan Aziýanyň Ösüş banky bilen karz ylalaşygyny baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen degişli içerki karz ylalaşygyny, şeýle hem Aziýanyň Ösüş banky bilen Taslama ylalaşygyny baglaşmaga ygtyýar berildi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň