Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Özbegistandan täze oba hojalyk tehnikalaryny satyn alar

23:3413.11.2018
0
11255

Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň oba hojalyk tehnikalary we gurallary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak hem-de agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligine Türkmenistanyň Prezidentiniň

2017-nji ýylyň 6-njy martynda çykaran 88-nji Kararyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna, onuň esasynda satyn alynmagy bellenen oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň uly tapgyryny satyn almak we töleglerini tölemek barada goşmaça ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň