Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi

22:2613.11.2018
0
3799

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ykdysady ulgamdaky däp bolan hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugrudyr. Bu ugurda anyk netijeler gazanyldy. Şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamy döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunlukda, taraplaryň edýän tagallasy köp şahaly ulag-üstaşyr we logistik düzümi döretmekde möhüm şerti emele getirýär.

Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy işjeň hyzmatdaşlygyň şunuň ýaly ýokary derejesiniň iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky birek-birege ynanyşmak we dostlukly gatnaşyklarynyň netijesidigini nygtady. Netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar, iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda Ürgenç şäherinde dabaraly ýagdaýda açylan Türkmen-özbek dostluk öýi bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýelär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri iki döwletiň arasynda uzak möhletleýin we pugta dostluk gatnaşyklary esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň