Soňky habarlar

Arhiw

Sergeý Newerow: "Çempionat hakynda umumy syn ýazmagy meýilleşdirýärin"

16:1009.11.2018
0
1456

Sergeý Newerow,

“Olimpiýskaýa panorama” žurnalynyň wekili (Russiýa)

― Men Türkmenistanda eýýäm üçünji gezek myhmançylykda. Mundan öňki saparlarym hem ýurtda iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän günlerine gabat geldi, ýagny men geçen ýyl Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hem-de ýaňy ýakynda geçirilen “Amul—Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşyna gatnaşdym. Ynha, Aşgabatda ýene bir halkara sport baýramçylygy, ýene bir şanly waka.

Türkmenistanda geçirilen şu sport ýaryşlaryna gatnaşmagym meni belli bir derejede türkmen halkynyň sporta bolan söýgüsine belet etdi. Ýene bir zady aýratyn nygtamak isleýärin. Ýaryş mahaly üns berýän welin, türkmen janköýerleri aýratyn ünsümi çekýär. Olar hemişe münberleri dolduryp oturýarlar hem-de türgenleri jany-teni bilen goldaýarlar. Diňe bir öz ildeşlerine däl, beýleki ýurtlardan gelen türgenlere hem ak ýürekden muşdaklyk edip bilýärler. Üstünligine şatlanyp, şowsuzlygyna gyýylyp bilýärler. Men muňa Aşgabat Aziadasynyň geçirilýän döwründe hem ençeme gezek şaýat boldum.

Biziň žurnalymyz aýda bir gezek çykýar. Onsoň, bu sport ýaryşy hakynda ýazmakda belli bir kynçylyklar ýüze çykýar: bütin dünýä ýeňijileriň kimdigini, nähili rekordlaryň goýlandygyny hem-de beýleki maglumatlardan eýýäm habarly bolýarlar. Şonuň üçin hem men ýaryşyň geçişi hakynda umumy syn ýazmagy meýilleşdirýärin. Ýazjak ýazgymda türkmen janköýerleriniň yhlasyny, türkmen halkynyň sporta söýgüsini Aşgabat Aziadasynyň, “Amul—Hazar 2018-iň”, Aşgabat 2018-iň” mysalynda bijebaşy edip almagy maksat edinýärin. Çünki sporta hormat goýýan halk aňrybaş tarypa hem-de öwgä mynasypdyr. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň