Soňky habarlar

Arhiw

Mohammad Reza Ahundi: "IWF-niň žurnalynyň täze sany dünýä çempionatyna bagyşlanar"

16:0609.11.2018
0
1058

Mohammad Reza Ahundi,

Halkara agyr atletika federasiýasynyň metbugat bölüminiň wekili (Eýran):

― Men indi 14 ýyldan gowrak wagt bäri Halkara agyr atletika federasiýasy bilen metbugat babatynda işleşýärin. Federasiýanyň resmi saýtyna, döwürleýin neşirine makalalary taýýarlaýaryn. Ýöne bu işleriň ählisini meýletinçilik bilen edýärin. Esasy işim bolsa Eýran metbugatynda. Halkara agyr atletika federasiýasy her bir halkara ýaryşyň bosagasynda meni žurnalist hökmünde gatnaşmaga çagyrýar. Şeýlelikde, dünýä çempionatlarynyň we Olimpiýa oýunlarynyň ençemesine gatnaşmak nesip etdi.

Halkara federasiýanyň resmi saýty çempionatyň öňüsyrasynda-da, onuň dowam edýän günlerinde-de täzelikleri gyzgyny bilen okyjylaryna ýetirýär. Federasiýanyň döwürleýin žurnalynyň täze sanynda hem dünýä çempionatyndan köp sanly makalalar, täsirli suratlar meýilleşdirilýär. Mahlasy, Ýer ýüzüniň janköýerleriniň çempionat täzeliklerinden habarly bolmagy üçin biz elimizden gelenini gaýgyrmarys.

Sözümiň soňunda Eýranyň raýaty hökmünde bir zady aýratyn aýtmak borjumdyr. Aşgabat eýranly agyr atletikaçylar üçin iň düşümli şäherleriň biri. Türkmenistan bilen Eýran goňşy döwletler. Biziň tebigatymyz hem, wagtymyz hem tas-kem birmeňzeş. Türgenlerimiziň Aşgabatda geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeginiň bir sebäbi hem şu bolsa gerek. Aşgabat biziň üçin ýeňişleriň şäherine öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň