Soňky habarlar

Arhiw

Isaak Hulian Morillas Sançes: «Marka», «As», EFE habarlar agentligi, «Ýewropress» dünýä çempionatyndan habarlary berýär"

16:0109.11.2018
0
1006

Isaak Hulian Morillas Sançes,

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň metbugat wekili:

― Biz Ispaniýadan iki žurnalist bolup geldik. Aşgabatdan çempionat bilen bagly habarlary taýýarlap, ispan metbugatyna ugradýarys. Taýýarlan habarlarymyz yzda galan günlerde ýurduň «Marka», «As», EFE habarlar agentligi, «Ýewropress» ýaly köp sanly neşirlerinde çap edildi. Käbir agram derejelerinde A toparyň ýaryşlary, şeýle-de haýsy toparda çykyş edýändigine garamazdan, ispan agyr atletikaçylarynyň ähli ýaryşlary TVE ýaýlymy boýunça göni ýaýlymda görkezilýär.

Elbetde, biz, esasan, ispan türgenleriniň ýaryşlaryny yzarlaýarys. Ispaniýadan 12 türgen geldi. Olaryň biri bürünç medal eýeledi, ýene biri bolsa iň gowy bäş türgeniň arasyna goşuldy. Ýöne çempionatyň iň gyzykly habarlaryny hem duşumyzdan geçirmezlige çalyşýarys. Çünki şu çempionat bilen bagly her bir habar janköýerler üçin gyzykly.

Biz ilkinji gezek Türkmenistana gelip gördük. Ýöne eger bu döwlet Ispaniýa ýakyn bolan bolsady, men ýygy-ýygdan syýahata gelerdim. Sebäbi ýurt hem, Aşgabat hem, türkmen halky hem juda göwnüme ýarady. Adamlaryň myhmansöýerligi, göwnaçyklygy, gaýry ýurtly myhmanlara ak ýürek bilen kömegini gaýgyrmaýanlygy, şäheriň arassalygy, asudalygy... Bu sanawy näçe ulatsaň, uzaldyp oturmaly. Ýaryşyň geçirilýän desgasyny bolsa men şu wagta çenli gatnaşan ýaryşlarymyň içinde iň gowy 10-luga goşardym. Ol juda ajaýyp, toplum umumylygyna has iri ýaryşlary, gerek bolsa, Olimpiadalary hem geçirmäge mümkinçilik berjek.

Käbir ýaryşlarda dil meselesinde kynçylyk çekýäris, ýöne Aşgabatda bize ispan dilini bilýän meýletinçiniň berkidilmegi juda begendirdi. Meýletinçi dostumyz Söhbet bizi türkmen medeniýeti, Aşgabat şäheri bilen tanyşdyrdy. Bu aýratyn ýakymly ýagdaý. Şeýle ajaýyp çempionata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallyk bildirýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň