Soňky habarlar

Arhiw

Teodor Çeresow: "Bolgariýanyň milli radiosynda çempionatdan her gün göni ýaýlym habarlary berilýär"

15:4209.11.2018
0
1244

Teodor Çeresow,

Bolgariýanyň milli radiosynyň habarçysy:

― Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň bütin Ýer ýüzünde, şol sanda Bolgariýada hem janköýerleri kän. Çempionat baradaky habarlar Bolgariýanyň dürli metbugat çeşmelerinde, şol sanda milli radiosynda hem yzygiderli berilýär. Radioda her gün bir sagatlyk sport gepleşigi bar. Men telefonda göni ýaýlyma çykyp, her gün 10-15 minutlyk habar ýa-da söhbetdeşlik taýýarlaýan. Her hepdäniň şenbe güni ýaýlyma berilýän «Sport we saz» gepleşigi bolsa bolgar teleradiosynda iň irki gepleşikdir. 1963-nji ýyldan bäri her hepdäniň şenbe güni 3 sagadyň dowamynda ýaýlyma goýberilýän gepleşikde çempionat barada habarlardyr söhbetdeşlikleri has giň gerimde ýetirýäris.

Men Olimpiýa oýunlaryň 10-syna gatnaşdym. Ýöne bir hakykaty elimi ýüregimiň üstüne goýup aýtmagy hökmanlyk hasap edýärin. Şu gezek men guramaçylyk babatda-da, mümkinçilikler babatda-da ykbalymda aýratyn yz goýjak çempionata gatnaşýaryn. Döredilen bu mümkinçilik üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallyk bildirýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň