Soňky habarlar

Arhiw

Mariýa KOROBOWA: "Matç tw-niň tomaşaçylarynda dünýä çempionatyna gyzyklanma uly"

15:3809.11.2018
0
807

Mariýa KOROBOWA,

Russiýanyň «Matç tw» teleýaýlymynyň habarçysy:

― «Matç tw» Russiýanyň iň ýaş sport teleýaýlymlar toplumy. Biz dünýä döwletlerinde geçirilýän iň gyzykly ýaryşlary tomaşaçylarymyz bilen paýlaşmak üçin işleýäris. Soňky iki ýylyň içinde bolsa biziň ýaýlymymyzyň döredijilik topary birnäçe gezek Aşgabada geldi. Ýakynda Türkmenistanda geçirilen halkara awtorallisi hem ýaýlymda öz beýanyny tapdy. Oňa Russiýadan hem toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Halkara awtorallide bolşy ýaly, dünýäniň sport janköýerleriniň Aşgabatda geçirilýän şu gezekki çempionata hem gyzyklanmasy uly. Köp sanly gyzyklanmalary talabalaýyk kanagatlandyrmak üçin biz öz döredijilik toparymyz bilen her gün habarlaryň, söhbetdeşlikleriň, wideogörnüşleriň ençemesini taýýarlap, Moskwa ugradýarys. Ýazgylarymyz telekompaniýanyň ýaýlymlary arkaly millionlarça sport janköýerlerine ýetirilýär.

Aşgabada gelen döredijilik toparymyz üç adamdan ybarat. Meniň özüm, bir operator we prodýusserimiz. Biz, esasan, habarlary, söhbetdeşlikleri taýýarlaýarys. Şol sanda dürli agram derejeleriniň A toparynyň ýaryşlary göni ýaýlymda görkezilýär. Aşgabatdan baran göni ýaýlym tolkuny Moskwada teswirlenilýär. Biziň taýýarlaýan habarlarymyzdyr söhbetdeşliklerimizden, göni ýaýlymdaky ýaryşlardan daşary hem ýörite hünärmenler çempionat bilen bagly syn beriji gepleşikleri hem taýýarlaýarlar.

Sözümiziň soňunda tüýs ýürekden bir zady aýtmak isleýäris. Türkmenistanly kärdeşlerimiz bize ýurduň sport mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler. Olimpiýa şäherçesi we ondaky Halkara ýaýlyma beriş merkezi bilen tanyşdyrdylar. Gören-eşidenlerimize salgylanyp, bu çempionatyň Türkmenistanda geçiriljek indiki çempionatlaryň diňe ilkinji ädimi boljakdygyna ynanýarys. Türkmenistana ösüşiň ähli ugrunda, şol sanda sportda-da uly geljek garaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň