Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda goýlan dünýä rekordlary 60-dan geçdi

14:4409.11.2018
0
1188

Ozal hem birnäçe gezek nygtalyşy ýaly, paýtagtymyzda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty rekordlaryň sport baýramçylygyna öwrüldi. Biz Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda bir agram derejesinde rekordlaryň birnäçe gezek täzelenilşine telim ýola şaýat bolduk. Halkara agyr atletika federasiýasynyň resmi saýtynda bolsa (iwf.net) gutarnykly goýlan dünýä rekordlary hasaba alyndy. Ýagny IWF birnäçe gezek täzelenen rekordlaryň iň soňkusyny öz resmi saýtynda ýerleşdirdi. Şol sanawa laýyklykda düýn (8-nji noýabr) agşamyň netijeleri bilen Aşgabatdaky dünýä çempionatynda gutarnykly goýlan dünýä rekordlarynyň sany 60-dan geçdi. Çempionatdaky 60-njy we 61-nji rekordlary özbegistanly 19 ýaşly agyr atletikaçy Akbar Juraýew goýdy. 102 kilograma çenli agram derejesindäki erkekleriň arasyndaky ýaryşda 392 kilogram netije görkezen türgen ýaşlaryň arasynda hem silterläp götermekde, hem-de umumy netije boýunça iki sany dünýä rekordyny goýdy. Şeýlelikde, düýn agşamyň netijeleri boýunça Aşgabatda gutarnykly goýlan dünýä rekordlarynyň umumy sany 61-e çykdy. Şol sanda, bu rekordlaryň 30-sy erkeklere, galan 31-si zenan türgenlere degişlidir.

9-njy noýabra çenli geçirilen ýaryşlaryň jemi boýunça erkekleriň arasyndaky dünýä rekordlarynyň 3-si ýetginjekleriň, 15-si ýaşlaryň, galan 12-si bolsa ulularyň goýan rekordlarydyr.

10 agram derejesinde ýaryşýan zenanlaryň dünýä rekordlarynyň 14-sini 20 ýaşdan uly türgenler goýdy. 16 rekord bolsa 18 ― 20 ýaş aralygyndaky türgenlere degişlidir. Diňe bir rekordy heniz 18 ýaşyna-da ýetmedik türgen goýdy.

Ýaryşyň rekordçylarynyň arasynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewanyň hem ady bar. Onuň ştangany itekläp götermekde 104, iki görnüşiň jemi boýunça 179 kilogram netije bilen ýaşlaryň dünýä rekordyny goýandygy okyjylarymyzyň ýadyndadyr.

Çempionat dowam edýär. Diýmek, ýene täze rekordlara garaşyp bileris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň