Içeri işler ministrligi tarapyndan neşir edilýän “Asudalygyň goragynda” atly žurnalyň nobatdaky sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyndaky çykyşyna bagyşlanan makala bilen açylýar.
Beýleki bir makala okyjylary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde beýan edilen esasy ugurlar bilen tanyşdyrýar. Şol ugurlar ýurdumyzyň ykdysady ösüşine hem-de Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edilen täze çözgütlere degişlidir.
“Türkmen sportuna şöhrat!” diýen sözbaşyly makala “Amul — Hazar 2018” rallisi barada žurnalda beýan edilýän beýleki makalalaryň özboluşly başyny başlaýar. Bu makalada okyjylar Garagum sähralyklarynda geçirilen ýaryşlaryň awtosporty söýüjileri gyzyklandyraýjak esasy wakalary hem-de maglumatlary bilen tanşyp biler.
Taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundan geçen “Amul — Hazar 2018” awtorallisi gerimi we ähmiýeti boýunça Aziýada ýolsuz ýerlerde guralan iň iri ýaryş boldy. 20-den gowrak ýurtdan — Fransiýadan, Ispaniýadan, Saud Arabystanyndan, Çehiýadan, Beýik Britaniýadan we beýlekilerden sportuň özüne çekiji görnüşleriniň biri bolan ajaýyp ýaryş awtomobil sportunyň ussatlaryny we muşdaklaryny bir ýere jemledi.
Ralli-reýd barada žurnalyň bu sanynda has giňişleýin gürrüň berilýär. Ýaryşyň her gününe aýratyn syn berilýär. Mazmunyna degişli bölümlerde uly bolmadyk makalalar “Amul — Hazar” rallisiniň syýahatçylygyň wagyz edilmegindäki hem-de Türkmenistanda awtomobil sportunyň ösdürilmegindäki ähmiýetine bagyşlanýar.
Sport baradaky gürrüňler žurnalyň nobatdaky sanynyň sahypalarynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň çäklerinde üstünlikli geçýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan makalada öz beýanyny tapdy.