Soňky habarlar

Arhiw

"Miras" žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

14:1109.11.2018
0
5503

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy jemgyýetçiligiň öňünde kesgitlän möhüm wezipeleriniň hatarynda türkmenleriň taryhy-medeni mirasynyň, şol sanda golýazmalaryň öwrenilmegi we wagyz edilmegi baradaky meseleler bar. Şeýle hem ylmyň, milli we dünýä medeniýetiniň ösdürilmegine düýpli goşant goşan görnükli şahsyýetler baradaky gyzykly makalalar çap edilýär.

Žurnalyň nobatdaky sanynda edebi ýadygärlikleri, türkmen diliniň taryhyny, Magtymguly Pyragynyň mirasyny, halk döredijiligini ösdürmek bilen baglylykda türkmenleriň etnografiýasyny öwrenmäge bagyşlanan makalalary hem tapmak bolýar.

Žurnalyň “Açyşlar we täze işläp düzmeler” atly bölüminde “Lutfynyň döredijiligi — türkmen diliniň gymmatly çeşmesi” atly makala çap edilýär. Makalanyň awtory ХV asyrda ýaşap geçen Molla Omar ibn Lutfulla, gündogarda Möwlana Lutfy ady bilen belli bolan bu şahyryň golýazmalar mirasyny jikme-jik öwrenmek hem-de häzirki zaman edebi türkmen dili, onuň şiweleri hem-de halk döredijiliginiň eserleri, nusgawy şygryýet we ýazuw ýadygärligi bilen deňeşdirmek esasynda Lutfynyň diliniň orta asyrlardaky horasan-türkmen diliniň kämil nusgasydygyny, şeýlelikde, görnükli orta asyr şahyrynyň eserleriniň örän gymmatly ýazuw çeşmesidigini ynamly subut edýär.

Şu bölümde Anton Ihsanowyň (Russiýa Federasiýasy) “Türkmeniň taryhyny we etnografiýasyny öwrenmekde A.N.Samoýlowiçiň makalalarynyň ähmiýeti barada” atly makalasy çap edilýär.

Awtoryň bu işinde meşhur rus türkologynyň hem-de türkmen edebiýatynyň barlagçysynyň işleri seljerilýär. Ýeri gelende aýdylanda, bu işleriň köpüsi öň ylmy jemgyýetçilige elýeterli bolmandy. Awtoryň belleýşi ýaly, bu makalanyň ýazylmagy ХХ asyryň başynda türkmenleriň durmuş antrapologiýasyny we taryhyny öwrenmekde ýüze çykarylan täze maglumatlar bilen şertlendirilendir. Sankt-Peterburgyň arhiwlerinde saklanylýan köp işler, şol sanda A.N.Samoýlowiçiň ady bilen baglanyşykly gymmatlyklar häzire çenli diňe bir toparlara bölünmegine we ulgamlaşdyrylmagyna däl, eýsem, dykgatly öwrenilmegine, derňelmegine hem garaşýar.

Žurnalyň “Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” atly bölüminde ýerleşdirilen “Küştdepdiniň milli tans hökmünde kemala gelmeginiň gözbaşlary” atly makalada türkmenleriň bu medeni mirasyny gorap saklamagyň, öwrenmegiň we dünýäde wagyz etmegiň möhüm meselelerine garalýar. Makalanyň awtory 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilen bu gadymy halk tansynyň döreýşi barada gyzykly maglumatlary beýan edýär.

“Miras” žurnaly Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüni we döredijilik mirasyny derňemegiň netijeleri baradaky makalalary çap etmegi dowam edýär. Şolar türkmen nusgawy edebiýatynyň şahsyýetine, pelsepewi garaýyşlaryna we ynsanperwer taglymlara ýugrulan şahyrana döredijiligine tükeniksiz gyzyklanmalara şaýatlyk edýär.

Pamukkale uniwersitetiniň edebiýat fakultetiniň mugallymy, dosent Söner Saglamyň makalasy hem okyjylaryň ünsüni özüne çekse gerek. Onda türk alymy Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki “toprak” düşünjesini seljerýär. Awtoryň tassyklaýşy ýaly, bu düşünje beýik şahyryň pelsepe we ahlak-gözellik garaýyşlary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Dilçi alym “Magtymgulynyň şygyrlary arkaly türkmenleriň “toprak” baradaky düşünjeleri bilen tanyşmak mümkin” diýýär hem-de gadymy rowaýatlaryň köpüsinde “toprak” düşünjesiniň öndürmek düşünjesi arkaly mukaddesdigini we sahylygy bilen adamyň aňynda ene hökmünde orun alandygyny belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň