"Türkmenistanyň senagaty" žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

14:0909.11.2018
0
4133

Senagat ministrligi tarapyndan her çärýekde türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän “Türkmenistanyň senagaty” atly ýöriteleşdirilen žurnal senagat ulgamynyň hünärmenlerine, hünär ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlaryna hem-de talyplaryna, döwlet edaralarynyň we hususy düzümleriň işgärlerine niýetlenendir.

Žurnalyň nobatdaky sanynyň makalalarynyň biri bu pudakda hukuk ulgamynyň ösdürilişine bagyşlanýar. Bu gün ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň işi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösüşini üpjün etmek bilen birlikde, telekeçilik işiniň gerimini giňeltmäge gönükdirilen Türkmenistanyň “Kärhanalar hakynda”, “Innowasiýa işi hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” we beýleki Kanunlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Žurnalyň sahypalarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge ukyply “Garabogazkarbamid” zawodynyň işe girizilmegine bagyşlanan makala çap edilýär. Kärhana ýylda 1 milliard kub metre golaý tebigy gazy gaýtadan işlemäge ukyplydyr, bir gije-gündizde bolsa onuň bölümlerinde sintetiki ammiagyň 2 müň tonnasy we şonuň esasynda 3 müň 500 tonna karbamid döküni öndüriler.

Bu mesele Türkmenabadyň himiýa zawodynda oksigumatyň önümçiliginiň ýola goýluşy barada gürrüň berýän makalada hem öz beýanyny tapýar. Awtoryň belleýşi ýaly, bu görnüşdäki önüm ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň, onuň ekerançylyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrar.

“Ylmy we amaly işler utgaşanda” atly makalada demir magdanynyň nusgalary alnan tejribe-synag işleri hakynda gürrüň berilýär. Awtoryň tassyklamasyna görä, demir çig mal goşundysy öndürilýän sementiň düzümini berkitmäge, ulanyş häsiýetini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär we şu ýyldan başlap, ýurdumyzyň ähli zawodlary Diýarymyzyň demir magdany bilen üpjün edilýär.

Žurnalyň bu sanynda “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň düzümine girýän zawodlaryň önümçilik işi hakynda, 59 müň 60 m3 keramzit öndürmek meýilleşdirilen Ýaşlyk keramzit zawody hakynda makalalar ýerleşdirilýär. Şeýle-de, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň içki we daşky diwarlaryny galdyrmakda gazbeton toplumlaryny peýdalanmagyň amatlydygy hakynda gürrüň berilýär.

Döwürleýin neşiriň makalalarynyň biri öz düzüminde önümçilik kuwwatlyklarynyň altysyny — pagta egirme fabrigini, RING kysymly ýüplügi taýýarlaýan egirme fabrigini, örme, dokma, boýag, tikin fabriklerini jemleýän Türkmenbaşy dokma toplumyna bagyşlanýar. Şu ýylda “Nusaý” kysymly täze önümiň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Žurnalyň sahypalarynda başlangyç synplaryň okuwçylary üçin öwrediji kompýuterleriň önümçiligi ulgamyndaky özgertmeler hakynda makala çap edilýär. Hususan-da, Senagat ministrliginiň ýanyndaky “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni tarapyndan esaslandyrylan “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetinde degişli önümçiligiň ýola goýlandygy habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň