Soňky habarlar

Archive news

Lebap welaýatynda pagta tabşyrygy berjaý edildi

23:3208.11.2018
0
799
Lebap welaýatynda pagta tabşyrygy berjaý edildi

8-nji noýabrda Hasyl toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň gündogar sebitiniň oba zähmetkeşleri pagta öndürmek baradaky şertnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar taýýarlaýyş bölümlerine “ak altynyň” 300 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar.

Gowaça ekilen 120 müň gektar meýdanda zerur bolan agrotehniki çäreleriň takyk geçirilmegi Lebap welaýatynyň ekerançylaryna pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmäge mümkinçilik berdi. Pagta ýygymynda daýhan birleşikleriniň köpüsi takyk we sazlaşykly işlemegi başardy.

Hojambaz etrabynyň “Lebap”, “Burdalyk”, Darganata etrabynyň “Lebap”, Saýat etrabynyň “Çekiç”, “Bereket”, Çärjew etrabynyň J.Häkimow adyndaky, H.Hajyýew adyndaky, “Parahat”, Farap etrabynyň “Farap” we “Watan”, Halaç etrabynyň “Pelwert”, “Güýç birleşik”, Kerki etrabynyň O.Söhbetow adyndaky, “Hatap” daýhan birleşikleriniň pagtaçylary Watan harmanyna çig malyň ýüzlerçe tonnasyny şertnamada göz öňünde tutulandakysyndan artyk tabşyrdylar.

5 gektar meýdanyň her gektaryndan ortaça 62 sentner hasyl alan Hojambaz etrabynyň “Lebap” daýhan birleşiginiň kärendeçisi D.Hemraýew, 3 gektara barabar meýdanyň ortaça hasyllylygyny 60 sentnere ýetirmegi başaran Çärjew etrabynyň J.Häkimow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi G.Annaberdiýew şertnamalaýyn borçnamalaryny 1,5 — 2 esse ýerine ýetirdiler.

Şu pagta ýygymy möwsüminde welaýatda ýetişdirilen hasyly ýygnap almakda pagta ýygýan tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berildi. Pagta ýygýan maşynlaryň mehanizatorlarynyň arasyndaky bäsleşikde Farap etrabyndan A.Ahmedow hem-de Saýat etrabyndan S.Hallyýew iň gowy görkezijileri gazanmagy başardylar. Olaryň her biri erk edýän maşynlarynda 120 tonnadan gowrak pagta ýygdylar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň