Soňky habarlar

Arhiw

Zenanlar, 81 kilogram: B toparda cykyş eden türgen kümüş medal eýeledi

21:0208.11.2018
0
1005

«Agram derejeleriniň aşaky toparlarynda görkezilen gowy netije indiki ýaryşlarda toparyňy ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär» diýýärler. Mysal üçin, şu ýaryşda B toparda iň öňdäki üç orny eýeläp bilseň, indiki ýaryşda A topara goşulyp, medala dalaşgär bolmaga mümkinçiligiň artýar. Ýöne B toparda bolup hem medal gazanyp bolýandygyny 8-nji noýabrda zenanlaryň arasynda 81 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen ýaryş görkezdi. B toparda çykyş edip, ştangany silterläp götermekde 108 kilogram netije görkezen gazagystanly Rauşan Meşithanowa şu görnüş boýunça kümüş medal gazandy. Dogry, ol iki görnüşiň jemi boýunça 9-njy orna düşdi, ýöne iň bolmanda, bir medal gazanyp bildi.

Şu agram derejesinde ildeşimiz Aýsoltan Toýçyýewa-da çykyş edip, iki görnüşiň jemi boýunça 219 kilogram netije görkezdi we B toparda üçünji orny eýeledi.

Ýaryşda ýekeje dünýä rekordy hem täzlelenmedi.

         Zenanlar, 81 kilogram

         Orunlar:

         Altyn medal: Lidia Walentin Perez (Ispaniýa), 249 kilogram;

         Kümüş medal: Darýa Naumawa (Belarus), 245 kilogram;

         Bürünç medal: Tamara Ýajaira Salazar Erse (Ekwador), 242 kilogram.

 

         Rekordlar:

         Ýok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň