Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynda täze kottej jaýlaryň 1600-si gurlar

15:5108.11.2018
0
16644

Ahal welaýatynyň täze obalarynda geljek üç ýylda kottej jaýlaryň 1600-si gurlar. Gökdepe etrabynda iki obada, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy we Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde jaýlaryň düýbi tutuldy. Täze nusgadaky ilatly ýerleriň hersi 100 gektardan gowrak meýdany tutar, olarda bäş, dört we üç otagly bir gatly jaýlaryň 400-sini gurmak göz öňünde tutulýar. 
Jaýlaryň taslamalary milli durmuş aýratynlyklary we däpleri göz öňünde tutulyp döredildi, şonuň üçinem ýaşaýyş jaýlarynyň gapdalynda 16 sotka mellek, hojalyk hajatlary üçin bassyrma, ulag üçin duralga bolar. Obalarda edara jaýlary, medeniýet we ýaşaýyş-durmuş binalary gurlar. Her biri 620 okuwça niýetlenen umumy bilim berýän mekdepler, 320 orunluk çagalar baglary bina ediler. Şeýle hem söwda merkezleri, ýangyndan goraýyş deposy, toý-märekelerdir sadakalar ýaly çäreler üçin ýerler göz öňünde tutulan. Landşaft dizaýny täze obalaryň döwrebaplygyny nygtar. 
Özgertmeler milli maksatnamasynyň çäklerinde döwlet we telekeçilik düzümleriniň amala aşyrýan täze obalary döretmegiň taslamalary sebitlerde ilatyň ykdysady we durmuş-medeni şertlerini gowulandyrmaga, iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň