Eýranly agyr atletikaçy Sohrab Moradi ýene-de Aşgabatda rekord goýdy

20:1407.11.2018
0
1694
Eýranly agyr atletikaçy Sohrab Moradi ýene-de Aşgabatda rekord goýdy

Mundan sanlyja minut ozal Aşgabatda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýene bir dünýä rekordy goýuldy. Ol eýranly agyr atletikaçy, erkekleriň arasynda 96 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Sohrab Morada degişlidir.

Geçen ýyl bu türgeniň Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda 18 ýyllyk dünýä rekordyny täzeländigi okyjylarymyzyň ýadynda bolsa gerek. Şonda gresiýaly agyr atletikaçy Akakios Kakiaswilisiň 1999-njy ýylda goýlan dünýä rekordyny täzelän Sohrab Moradi Aşgabatda ýene-de rekord goýdy. Agram derejelerine üýtgeşme girizilen dünýä çempionatynda bu agram derejesinde ştangany götermegiň iki görnüşi boýunça hem , umumylykda hem rekord indi eýranly agyr atletikaça degişli. Şeýlelikde, 96 kilograma çenli agram derejesinde indi dünýä rekordlary silterläp götermekde 186, itekläp götermekde 230-a, iki görnüşiň jemi boýunça 416 kilograma çykdy.

Sohrab Moradi bilen bagly ýene bir maglumata ünsüňizi çekmek isleýäris. Ilkinji halkara ýaryşyna 2007-nji ýylda gatnaşyp (Dünýä çempionaty), halkara tejribesine 22-nji orun bilen başlan agyr atletikaçy soňky gatnaşan 7 halkara ýaryşynyň ählisinde altyn medal eýeledi. Şu çempionatda gazanylan altyn medal bolsa onuň ähli halkara ýaryşlardaky 10-njy çempionlygydyr.

— Ýene bir gezek Aşgabatda altyn medal gazanmak we ýene bir gezek dünýä rekordyny goýmak juda ýakymly. Eýýäm ikinji gezek Aşgabatdan ýakymly duýgular bilen dolanýaryn. Indiki maksat — Olimpiýa oýunlary — diýip, eýranly agyr atletikaçy medal gowşurylyş dabarasyndan soň pikirlerini paýlaşdy.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň