Soňky habarlar

Arhiw

Wangli Žang ilkinji dünýä çempionlygyna Aşgabatda gowuşdy

13:2707.11.2018
0
1216

Aşgabatda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda 71 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşlar hytaýly türgen Wangli Žangyň dünýä çempionlygy bilen tamamlandy. Bu onuň ilkinji dünýä çempionlygydyr. Karýerasynda Aziýa çempionaty, IWF-niň grand-prix ýaryşynyň altyn medallary bolan türgen ilkinji dünýä çempionlygy üçin 267 kilogram netije görkezdi. Bu agram derejesinde goýlan bäş dünýä rekordynyň ikisi bu türgene degişlidir. Ýaryş altyn medalçysy kümüş medal gazanan bäsdeşinden 15 kilogram öňe saýlandy.

Zenanlar, 71 kilogram

Orunlar:

Altyn medal: Wangli Žang (Hytaý), 267 kilogram;

Kümüş medal: Sara Ahmed (Müsür), 252 kilogram;

Bürünç medal: Nadežda Likhaçýewa (Gazagystan), 242 kilogram.

Rekordlar:

Ýaşlaryň arasynda: Sara Ahmed (Müsür), silterläp götermek boýunça dünýä rekordy, 111 kilogram;

itekläp götermek boýunça dünýä rekordy, 141 kilogram;

iki görnüşiň jemi boýunça dünýä rekordy, 252 kilogram.

Ulularyň arasynda: Wangli Žang (Hytaý), silterläp götermek boýunça dünýä rekordy, 152 kilogram;

iki görnüşiň jemi boýunça dünýä rekordy, 267 kilogram.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň