Balkanabatda "Nebitçini" uly hasap bilen ýeňen "Altyn asyr" ýaryş tertibiniň başyna geçdi

23:5806.11.2018
0
2805

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 25-nji tapgyrynyň geçirilen duşuşygynda “Nebitçiden” 7:1 hasabynda üstün çykan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary ýaryş tertibiniň birinji basgançagyna geçdi. “Altyn Asyr” geçiren 26 duşuşygynda 60 utuk toplamagy başardy. 59 utugy bolan “Ahal” ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýär.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 27-nji tapgyrynyň duşuşyklary 10-njy noýabrda geçiriler.

25-nji tapgyryň geçirilen duşuşygynyň netijesi:

“Nebitçi” – “Altyn Asyr” – 1:7

Gollar: Şamämmet Hydyrow 71 (“Nebitçi”) – Resul Hojaýew 26, 45, Wahyt Orazsähedow 30, Altymyrat Annadurdyýew 40, 55, Furkat Tursunow 86, Mihail Titow 90 ("Altyn Asyr")

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň