Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy

23:1603.11.2018
0
3013

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Maltadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni arassalanan benzini, ýangyjy satyn aldylar. Russiýanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri ýokary dykyzlykdaky polietileni, reňksiz aýnany, şeýle hem hojalyk pamygyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 12 million 733 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýeden gelen işewürler jemi bahasy 5 million 125 müň manatlykdan gowrak bolan ýüplük we nah mata satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň