2019-njy ýylda Türkmenistanda “Türkmen sährasy — 2019” atly awtosergisi geçiriler

21:1003.11.2018
0
2544

2-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyza gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem köptaraply daşary ykdysady aragatnaşygy has-da ösdürmek, haryt dolanyşygyny we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyza Söwda-senagat edarasy hem-de ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde taýýarlanan 2019-njy ýylda geçirilmegi teklip edilýän sergileriň, ýarmarkalaryň we maslahatlaryň sanawynyň taslamasy hödürlenildi. Geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň hatarynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli ugurly gözden geçirişler hem-de işewür maslahatlary, Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bar. Şeýle hem “Türkmen sährasy — 2019” atly awtosergini guramak bellenilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň hem-de telekeçilik ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hakyky gurallarynyň biriniň gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan ybaratdygyny belledi. Şu işde bu ulgamda işleri anyk utgaşdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmekde Türkmenistanyň eksport kuwwatyny üstünlikli peýdalanmaga mümkinçilik berýän işewür maslahatlarynyň geçirilmegine ähmiýetli orun berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de wise-premýere degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde bu meseläni has giňişleýin öwrenmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň