Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentine Himiýa-tehnologiýa institutyny açmak teklip edildi

19:2503.11.2018
0
8787

2-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Türkmenabat şäherinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagynda, tehniki orta hünär okuw mekdebiniň binýadynda Türkmenistanyň Himiýa-tehnologiýa institutyny açmak barada teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde täze ýokary okuw mekdebini döretmek bilen bagly meseleleri düýpli işlemegiň möhümdigini aýtdy. Bu gazylyp alynýan peýdaly magdanlara baý bolan sebitiň senagat pudagynyň sazlaşykly ösmegini nazara alanyňda, maksadalaýyk bolup durýar. Häzir senagatlaşdyrmak ýoluna düşen ýurdumyzda nebit hem-de gazhimiýa ýaly pudaklaryň önümçilik düzümini giňeltmek, Diýarymyzyň eýe bolan serişde we ykdysady kuwwatyny doly peýdalanmak, gaýtadan işleýän pudagy ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Täze institutda gerek bolan hünärler boýunça ýokary derejeli işgärleri, giň gözýetimli hem-de innowasion tehnologiýalardan, nou-haulardan baş çykarýan öz işiniň hakyky ussatlaryny taýýarlamak üçin zerur ähli zatlar göz öňünde tutulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere we beýleki degişli ýolbaşçylara ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ulgamy has-da kämilleşdirmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň