Soňky habarlar

Arhiw

ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitleýin müdiriniň Türkmenistana bolan ilkinji sapary başlanýar

23:3802.11.2018
0
3100

ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin müdiri we Ýewropada Bosgunlaryň we migrantlaryň meseleleri boýunça ýörite utgaşdyryjysy hanym Afşan Han 2018-nji ýylyň 5-8-nji noýabry aralygynda Türkmenistana ilkinji resmi sapary bilen gelýär. Ýurda bolan ilkinji resmi saparynyň dowamynda hanym Han ýurduň saglygy goraýyş, bilim we durmuş taýdan goramak boýunça Hökümetiň ýokary wezipeli ýolbaşçylary, Parlamentiň Başlygy we Adalatçynyň diwanynyň wekili bilen duşuşar.

Hanym Han Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde ÝUNISEF-iň goldaw bermeginde işe girizilen Çaganyň irki ösüşini goldamak boýunça merkeziniň hyzmatlaryndan peýdalanýan maşgalalar bilen duşuşar. Şeýle-de ÝUNISEF-iň sebitleýin edarasynyň müdiri BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalaryň, beýleki halkara guramalarynyň wekilleri we diplomatik korpusyň ýokary wezipeli işgärleri bilen duşuşar.

ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin müdiri we Ýewropada Bosgunlaryň we migrantlaryň meseleleri boýunça ýörite utgaşdyryjysy hanym Afşan Han 28 ýylyň dowamynda halkara derejesindäki döwlet işgäri bolup zähmet çekdi. Ol mundan öň ÝUNISEF-iň Adatdan daşary maksatnamalary boýunça müdiriniň wezipesini we beýleki jogapkärli wezipeleri, şol sanda Döwlet pudagynyň bileleşikler we serişdeleriň toplanylmagy boýunça müdiriniň wezipesini, Gündogar we Günorta Afrikanyň sebitleýin müdiriniň orunbasarynyň we ÝUNISEF-iň Ýamaýkadaky wekiliniň wezipelerini eýeledi. Hanym Han şeýle-de Keniýa, Mozambik, Kongo Demokratik Respublikasy we Kolumbiýa ýaly ýurtlarda bu ugurda dürli tabşyryklar boýunça zähmet çekip, baý iş tejribesini gazandy. Ol şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde guramanyň Ženewa şäherinde ýerleşýän Düzüm birlikleriniň arasyndaky ynsanperwerlik meseleleri boýunça hemişelik komitetinde, BMG-niň Baş Sekretarynyň ýerine ýetiriji diwanhanasynda hem-de BMG-niň Ösüş meseleleri boýunça toparynda wezipeleýin borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly baý zähmet tejribesini gazandy.

2012-2014-nji ýyllar aralygynda hanym Han “Women for Women International” halkara guramasynyň Baş müdiriniň wezipesine geçenligi sebäpli, Birleşen Milletler Guramasynda işlemegini bes edýär. Ol bu wezipesiniň çäklerinde uruşdan soň zenanlaryň öz durmuşyny gaýtadan dikeltmegi üçin degişli strategiki konsepsiýanyň işlenilip taýýarlanylmagyna we zerur serişdeleriň toplanylmagynyň üpjün edilmegi ýaly wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilik çekdi.

Hanym Han Hindistanyň Haýdarabat şäherinde eneden bolup, Kanadanyň Monreal şäherinde ösüp kemala gelýär. Ol Jon Hopkins halkara barlaglar uniwersitetinde döwlet syýasaty hünäri boýunça magistrlik derejesini gorady we Makgil uniwersitetinde syýasy ylymlaryň bakalawry derejesini aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň