Türkmenistanda milli manadyň döredilen güni bellenildi

20:0601.11.2018
0
17006

Aşgabatda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet hem-de paýdarlar-täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň hem-de ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda türkmen şaýy pullarynyň taryhy, Beýik Ýüpek ýolunyň haryt-pul gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýetiren täsiri, bank ulgamynda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, sebit we abraýly halkara maliýe düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk barada çykyşlar diňlenildi.

Şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy okaldy, onda halk hojalygy toplumynyň okgunly ösýän pudaklarynyň birine öwrülen bu möhüm ulgamda ýetilen sepgitler bellenilýär.

Çykyş edenler bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegine we durnukly, bäsdeşlige ukyply bank ulgamynyň döredilmegine ýardam beren 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilen milli manadyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Şeýle möhüm çözgüdiň kabul edilmegi garaşsyz maliýe syýasatynyň geçirilmegini üpjün etdi hem-de hakyky ykdysady özygtyýarlylyga eýe bolmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda türkmen manady Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ykdysady binýadyny pugtalandyrmakda möhüm orna eýedir.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy ösdürmegiň has netijeli nusgasyny döretmek boýunça toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Munuň özi türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bank ulgamynyň durnukly işlemegi ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini, ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň