Çempionatyň iň ýaş türgeni ertir çykyş eder

14:2601.11.2018
0
1601

Aşgabatda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna ýüzlerçe türgen gatnaşýar. Olaryň arasynda ýaşy boýunça iň kiçisi wýetnamly agyr atletikaçy gyz  Thi Thu Trang Nguýendir.. Şu ýylyň 3-nji iýunynda 15 ýaşyny dolduran Nguýen türkmen paýtagtynda geçirilýän   dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýär.

Ulularyň arasyndaky dünýä çempionatyna ilkinji gezek gatnaşýan Nguýen ilkinji halkara ýaryşyna geçen ýyl gatnaşdy. Şol ýaryşda  - ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda umumylykda 114 kilogram netije görkezip, öz agram derejesinde  iň gowy 20 türgeniň arasyna goşuldy. 

Geljegine uly umyt bildirilýän  Nguýen şu ýyldaky has gowy netijeleri bilen sport hünärmenleriniň ünsüni özüne çekýär. ol üstümizdäki ýylda Özbegistanda geçirilen ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda kümüş medaly gazanyp, ilkinji halkara üstünligine eýe boldy. Aşgabada gelmezinden sanlyja gün öň bolsa Argentinada geçirilen Ýaşlaryň Olimpiýa oýunlarynda ýene bir kümüş medaly gazandy.

Ozalky halkara ýaryşlarynyň ählisine 44 kilograma çenli agram derejesinde gatnaşan wýetnamly türgen Aşgabatdaky çempionatda ilkinji gezek 45 kilogramda çykyş edýär. Muňa garamazdan, A topardaky türgenleriň sanawynda görkezilýän Nguýen öz toparynda iň güýçli türgenleriň biri.  Ol ertir ýaryşyň 17:25-de başlanjak böleginde agyrlyk göterer. Ştangaçy gyzyň şu wagta çenli şahsy rekordy 160 kilogramdyr.

Ýeri gelende aýtsak, erkekleriň arasynda 81 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşýan Hamad Albreiki (BAE) hem şu çempionatyň iň ýaş türgenleriniň biri. Ol wýetnamly agyr atletikaçy gyzdan bary-ýogy 55 gün uly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň