Arhiw

AFK resmi saýtynda Altymyrat Annadurdyýew bilen söhbetdeşligi ýerleşdirdi

16:5926.10.2018
0
2113

Aziýanyň futbol federasiýasynyň resmi saýtynda “Altyn asyr” futbol toparynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew bilen söhbetdeşlik ýerleşdirildi. Söhbetdeşligiň barşynda futbolçy we toparyň yklym ýaryşynda şu görkezen netijeleri barada maglumatlar berilýär.

Söhbetdeşligiň ilkinji setirlerinde aýdylyşy ýaly, Altymyrat Annadurdyýew AFK-nyň kubogy - 2018-iň Basra şäheriniň “Sports City” stadionynda 27-nji oktýabrda geçiriljek finalynda Yragyň Howa goşunlarynyň toparyna howp döredip biljek futbolçylaryň biri bolar.

Aşgabadyň topary Täjigistanyň we şu ýaryşyň iň güýçli wekilleriniň biri bolan “Istikloly” ýeňip, taryhynda ilkinji gezek toparçadan çykdy. Soňra Inter zolagyň ýarym finalynda Hindistanyň “Bengaluru” toparyny 3:2 hasabynda ýeňen “aragatnaşykçylar” finalda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň “Aprel 25” toparyny ýaryşdan çykardylar.

Indiki garşydaş soňky iki möwsümde bu Kubogy gazanan we taryhda ilkinji gezek bassyr üçünji ýola kuboga dalaş edýän “Air Force” topary. “Elbetde, duşuşykda Yrakda geçiriler. Ýer eýeleriniň on müňlerçe janköýeriniň we ummasyz goldawynyň boljakdygy öz-özünden düşnükli. Ýöne şu ýyl ýaryşda geçiren 10 duşuşygynyň hiç birinde-de ýeňilmedik “Altyn asyryň” oýny hem garaşylanyndan has gowy. Üstesine-de topar Türkmenistandan millionlarça ýüregiň goldawyny duýup meýdana çykar” diýip, söhbetdeşlikde ýazylýar.

Söhbetdeşligiň başynda 8 pökgi bilen şu ýyl “Altyn asyryň” AFK-nyň kubogyndaky iň netijeli futbolçysyna öwrülen (ol Türkmenistanyň çempionatynda-da şeýle - TP) Altymyrat Annadurdyýewiň “Biz şu ýyl myhmançylykda-da edil öz öýmüzdäki ýaly rahat oýnamagy kämilleşdirdik” diýen sözleri getirilýär. “Näme üçindigini anyk bilemok, ýöne şu ýyl Inter zolagyň ýarym finalynda-da, finalynda-da ilkinji duşuşyklarymyzy myhmançylykda geçirdik. Bu bolsa bizi, nirde oýnaýandygymyza garamazdan, güýjümize, başarnygymyza ynanmaga iterdi. Elbetde, myhmançylykda gazanylan netijeler öz ýurdumyzda geçiriljek jogap duşuşyklary üçin käbir artykmaçlyklary hem berdi” diýip, futbolçy pikirlerini paýlaşýar.

Mahlasy, bu final uzak wagtlap ýeňilmedik iki toparyň duşuşygy bolar. Ýeri gelende aýtsak, “Air Force” AFK-nyň kubogy ugrundaky duşuşyklarda 2016-njy ýyldan bäri diňe iki gezek ýeňildi. Geçen iki möwsümde bolsa “Bengaluru” bilen “Istikloly” ýeňip, Kubogy gazandy. Bu ýyl bolsa toparyň finaldaky garşydaşy ilkinji gezek ýaryşyň bu sepgidine gelen türkmen topary.

“Garşydaşymyzyň bu ýaryşyň soňky iki ýyldaky ýeňijisidiginem, şonuň üçin ýekeje sekuntda-da hüşgärligi elden bermeli däldigini hem bilýäris. Ýöne biz hem şu ýyl ýekeje duşuşykda-da ýeňilmedik. Kämilleşdik, tejribe topladyk, häzir bolsa fiziki taýýarlygyň ýokary derejesine geldik. Finala gatnaşmak, hakykatdan-da, taryhy pursat. Munuň üçin tutuş toparyma tüýs ýürekden guwanýaryn”.

Söhbetdeşligiň ahyrynda 25 ýaşly futbolçynyň: “Türkmenistanda her kim, ilkinji nobatda bolsa hormatly Prezidentimiz bu Kubogy gazanmagymyzy isleýär. Arkamyzda millionlarça goldawymyz bar. Şol goldawdan güýç tapynyp, ýurdumyza Kubok bilen dolanyp bileris” diýen sözleri bilen jemlenýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň