Gökdepe etraby pagta boýunça döwlet tabşyrygyny ýurtda ilkinji bolup berjaý etdi

15:5226.10.2018
0
4575

25-nji oktýabrda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň daýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigi hakynda ýurdumyzda ilkinji bolup hasabat berdiler. Olar Watan harmanyna 9 müň 250 tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrdylar.

Gökdepe etrabynyň “Yzgant”, “Ýandaklyagyz”, “Ahal”, “Gökdepe”, “Türkmenistan”, “Ýaňgala”, “Üzümçilik”, “Köpetdag”, “Babarap”, “Gorjaw” daýhan birleşikleri hem-de özbaşdak oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri we şu möwsüme gatnaşan beýlekiler şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşantlaryny goşdular.

Gökdepe etrabynyň “Yzgant” daýhan birleşiginden Baýramgül Baýramowa 9 gektar meýdandan 22 tonnadan gowrak “ak altyny” ýygnap, öz üstüne alan borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi. Şeýle hem “Ýandaklyagyz” daýhan birleşiginden Ogultylla Pirowa 6 gektardan 24 tonnadan gowrak, kärendeçi Meýlis Durdymuhammedow 3 gektardan 15 tonnadan gowrak “ak altyn” ýygnadylar. “Türkmenistan” daýhan birleşiginden Zöhre Jallaýewa 5 gektardan 14 tonnadan gowrak hasyl almagy başardy. “Üzümçilik” daýhan birleşiginden Geldimyrat Gulmyradow 5 gektardan 14 tonnadan gowrak, Aşyrgeldi Atahanow bolsa 5 gektardan 14 tonna hasyl ýygnamagy başardylar. “Babarap” daýhan birleşiginden kärendeçi Kerim Orazow bolsa 8 gektar gowaça meýdanyndan 32 tonnadan gowrak “ak altynyň” bol hasylyny Watan harmanyna tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň