Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň täze gurulýan desgalarynda işleriň barşy bilen tanyşdy

04:4125.10.2018
0
8416

24-nji oktýabrda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary, şeýle hem iri desgalaryň birnäçesinde işleriň ýagdaýy we şäheri abadanlaşdyrmak, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Tanyşlygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň häkimine esasy döwlet nyşanynyň —Tugranyň goýuljak täze ýerini saýlap almak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy, ol uzak aralykdan hem görünmelidir.

Döwlet Baştutanymyz beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbini ebedileşdirýän ýadygärligi gurmak işleriniň barşy bilen gyzyklanyp, şäher häkimine ony öz wagtynda tamamlamagy üpjün etmegi tabşyrdy.

 

Soňra milletiň Lideri welosipedli Çandybil we Bekrewe şaýollarynyň kesişýän ýerinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ýadygärligiň guruljak meýdançasynda aýlawly çatrygyň golaýynda saklandy. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew, şeýle hem “Buig Turkmen” kompaniýasynyň baş direktory Alekseý Reşow garşyladylar.

Bu ýerde milletiň Lideri paýtagtymyzyň günorta bölegini mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalary bilen tanşyp, anyk maslahatlary berdi hem-de degişli düzedişleri girizip, şunda gadymy milli binagärlik ýörelgeleriniň hem-de häzirki zaman öňdebaryjy tejribäniň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň esasy şert bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ýadygärligiň aýlanýan Ýer togalagy görnüşinde gurulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýdyp, onuň türkmen halkynyň adamzat taryhynda galdyran öçmejek täsirini alamatlandyrmalydygyny belledi.

Taslama laýyklykda, ýadygärligiň günorta tarapynda Türkmenistanyň häzirki wagtda gazananlary, demirgazyk tarapynda bolsa ýurdumyzyň kartasy şekillendirilýär. Ýokardan seredilende ýadygärligiň görnüşi halkara geçelgeleriniň strategik ähmiýetli çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň häzirki zaman taryhyny çeperçilik taýdan şekillendirilişi görünýär. Aýlawly ýoluň ugrunda welosipedçileriň heýkelleri şekillendirilendir.

Ýadygärligiň bezeginde Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini alamatlandyrýan zeýtun baldajyklarynyň şekilleri ýerleşdirilýär. Ýer togalagynyň bir tarapynda nepis we ýüwrük ahalteke bedewleriniň bäşisiniň şekili ýerleşdirilipdir. Umuman, bu ýadygärlik saglygyň we uly üstünlikleriň ýurdy — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşini beýan etmelidir.

Paýtagtymyzyň özboluşly nyşanlaryň biri bolmak bilen bu ýadygärlik toplumy ýokary ruhy ylhamy, Türkmenistanyň döredijilik ruhuny, onuň umumadamzat ynsanperwerlik gymmatlyklaryna hem-de halkara sport hereketine ygrarlydygyny, ösüşiň we abadançylygyň ýolundaky okgunly hereketini beýan etmelidir diýip milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Aşgabat şäheriniň häkimi milli Liderimize şenbe güni köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek baradaky haýyş bilen ýüz tutdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu başlangyjy makullap, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy, bu çäre türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy bolar.

Şäheriň bu künjeginde kaşaň myhmanhana gurulýar. Milli Liderimiz ähli ölçegler babatynda ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän myhmanhana toplumynyň gurluşygynda gurluşyk we binagärlik ulgamynda toplanylan iň gowy tejribäniň peýdalanylmagynyň zerurdygyny belläp, desgadaky işleri bellenilen meýilnamalara laýyklykda alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Çandybil şaýoly boýunça welosipedli ýörişini dowam edip, Türkmenistanyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşy — “Buig” fransuz kompaniýasyna ynanylan täze binalarda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimizi bu ugur boýunça Aşgabat şäheriniň häkimi ugratdy.

Döwlet Baştutanymyz iri hem-de uly ähmiýetli taslamalary öňe sürmek bilen, olaryň ulanylmaga berilmegine çenli gurluşyk işleriniň ähli tapgyrlaryny hut özi gözegçilikde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karara gol çekendigini ýatladýarys, resminama laýyklykda, “Buig” kompaniýasy bilen Çandybil şaýolunyň ugrunda Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň, ýokarda agzalan kaşaň myhmanhananyň, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň binalarynyň, şeýle hem Köpetdag şaýolunyň ugrunda Hökümet münberiniň taslamasyny düzmek we gurmak barada degişli şertnamalar baglaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz täze binalarda işleriň ýagdaýyny gözden geçirip, bu ýerde seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi barada işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz bina edilýän täze myhmanhana toplumynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, häzirki wagtda Aşgabat, hakykatdan-da, ählumumy we sebit hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrülendigini, bu bolsa halkara derejeli çäreleri geçirmek üçin ähli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny kesgitleýändigini belledi. Täze görnüşinde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan oňyn daşary syýasat ugry daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşini şertlendirýär hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň üznüksiz akymyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerinde saklanyp, fransuz hyzmatdaşlarymyzyň taýýarlan taslamalaryna garady.

“Buig Türkmen” kompaniýasynyň baş direktory Türkmenistanyň Prezidentine desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda peýdalanylýan gurluşyk serişdeleriniň, hususan-da, aýnanyň ulanylyşynyň aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenilen taslamalar babatynda birnäçe bellikleri aýdyp hem-de degişli düzedişleri girizip, peýdalanylýan gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilli bolmalydygyny hem-de Türkmenistanyň tebigy-howa şertleri hasaba alnyp ulanylmalydygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň